jansyz

jansyz
[ja:nsyz]
1) Jany bolmadyk, diri däl, öli.
∙ Öz kapitanynyň jansyz göwresini süýräp, daşaryk çykardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
2) Göçme manyda Çalasyn hereketde bolmazlyk, ruhdan düşen, hereketsiz.
∙ Müsür jansyz ýurda öwrülýän ýalydy. (Gadymy Dünýä Taryhy)
∙ Jansyz gözleri küle taşlanan mäz ýaly sämäp göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
3) Göçme manyda Bir döwletiň harby we beýleki syrlaryny başga bir döwlete aňtap ýetirýän gizlin agent, içaly.
∙ Bütin Türküstan, general Mallesonyň jansyzlary hem harby agentleri bilen doldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Bu jansyz mende gadagan edilen kitabyň barlygyny nirden bildik-ä. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем решить контрольную работу

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»